China National Petroleum Corporation «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 2026–2029-njy ýyllar üçin düýp operasiýalary wagtynda muftaly birleşmelerde gaz syzyşlaryny hem-de nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) kemçiliklerini anyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça № CIT-26019-SR belgili tender yglan etdi.
Tenderiň şertlerine laýyklykda, bu hyzmatlar esasan ýerasty enjamlary bilen bilelikde NKT sütünini buraw desgasyna düşürmek işleri wagtynda ulanylar.
Potratçy tarapyndan geliý ulanmak arkaly NKT-niň muftaly birleşmelerindäki gaz syzyşlaryny anyklamak üçin zerur enjamlar toplumy, meýdança lageri, hünärmen işgärler hem-de degişli gurallar üpjün edilmelidir. Şeýle hem, düzüminde wodorod sulfidi we kömürturşy gazy ýokary bolan gaz känlerinde NKT-niň zyýansyz usul arkaly defektoskopiýasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gatnaşmagyň şertleri
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar:
• tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilen resmi arzany tabşyrmaly;
• tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek boýunça hasaby almaly;
• kompaniýanyň wekiliň pasportynyň nusgasyny, tender resminamalaryny almaga ygtyýar berýän baş ynanç hatynyň nusgasyny hem-de töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasyny hödürlemeli.
Arzalary kabul etmegiň möhleti 7 senenama güni bolup, 2026-njy ýylyň 19-njy maýyndan 25-nji maýyna çenli dowam edýär. Görkezilen möhletden soň tabşyrylan arzalar garalmaga kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Tender boýunça goşmaça maglumatlary we arzalary tabşyrmagyň tertibini şu salgy arkaly alyp bolýar:
Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3,
Türkmenistandaky CNPC International Ltd. edarasy, Aşgabat, Türkmenistan.
Habarlaşmak üçin şahs — Narine Simonýan.
Telefon: (+993 12) 44-54-34.
