
Merkezi Aziýanyň dokalmaýan materiallary öndürijileriniň öňdebaryjylarynyň biri bolan "Garagum" hojalyk jemgyýeti 19–22-nji maý aralygynda Ženewada geçirilýän "INDEX 2026" sergisinde özüniň iň täze önümçilik işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdy.
Kompaniýa ikinji gezek "INDEX" sergisine gatnaşýar: "Garagum" ilkinji gezek öz önümlerini bu abraýly dünýä meýdançasynda 2023-nji ýylda görkezdi. Täzelenen assortiment we giňeldilen ekspozisiýa bilen sergä gaýtadan gatnaşmagy kompaniýanyň halkara bazaryndaky ornuny yzygiderli berkitýändigini, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini we önümçilik tehnologiýalaryny hemişe kämilleşdirýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda "Garagum" kompaniýasynyň eksport geografiýasy Braziliýadan we Beýik Britaniýadan başlap Germaniýa, Rumyniýa hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary ýaly 15-den gowrak döwleti öz içine alýar. Kompaniýanyň önümleri lukmançylyk, gigiýena, senagat we gaplama ugurlarynda uly islege eýedir. Her bir önüm halkara hil standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar we iň talapkär sarp edijileriň isleglerine uýgunlaşdyrylýar.
Önümçiligiň ýokary derejesi dört sany ISO sertifikaty bilen tassyklanýar, şol sanda lukmançylyk önümleri üçin hil dolandyryş ulgamy boýunça halkara standart bolan ISO 13485 sertifikaty hem bar. Kompaniýanyň lukmançylyk önümçiligi ugrundaky ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarnamasy bilen resmi taýdan tassyklanyldy.

2022-nji ýyldan bäri Garagum dokalmaýan materiallar we degişli pudaklar boýunça öňdebaryjy EDANA halkara birleşiginiň agzasydyr.
"Garagum" kompaniýasynyň sergi diwarynda "Arkadag Medical Cluster" brendi bilen hödürlenen önümler halkara myhmanlarynyň we pudak hünärmenleriniň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Görkezilen işläp taýýarlamalar kompaniýanyň lukmançylyk ugrunda öz mümkinçiliklerini maksatly we ynamly ösdürýändigini hem-de häzirki zaman pudak standartlaryna laýyk gelýän çözgütleri hödürleýändigini aýdyň görkezdi.
"Garagum" kompaniýasynyň "INDEX 2026" sergisine gatnaşmagy diňe bir kompaniýanyň önümçilik kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we milli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen Türkmenistanyň eksport hem-de senagat mümkinçilikleriniň barha ösýändiginiň hem subutnamasy boldy.

Web: https://garagum.tm/
Instagram: nonwoven_garagum
Salgysy: Atamyrat Nyýazow köçesi 60, Ruhabat ýaşaýyş toplumy, Aşgabat, Türkmenistan
Telefon: +993 12 24-42-94
E-poçta: info@garagum.com