23-nji aprelde Astanada geçiriljek Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (SES) çäklerinde Merkezi Aziýanyň buzluklarynyň eremegine bagyşlanan möhüm sessiýa geçiriler. ÝUNESKO-nyň wekilleri, Gazagystanyň degişli ministrlikleri we sebit bilermenleri ekologiýa krizisiniň öňüni almak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Häzirki wagtda kriosfera (buzluklar we gar örtügi) meselesi ähli Merkezi Aziýa üçin örän möhüm bolup durýar. Pessimist çaklamalara görä, 2100-nji ýyla çenli sebit buzluklarynyň 85%-e çenli bölegini ýitirip biler. Bu bolsa agyz suwunyň ýetmezçiligine, oba hojalygy üçin howpuň döremegine we daglyk kölleriň ýarylmagy ýaly tebigy betbagtçylyklaryň köpelmegine getirip biler.
Bilermenler nämeleri ara alyp maslahatlaşarlar?
Duşuşygyň esasy temasy — Bilelikdäki sebitleýin hereketler maksatnamasy (BSHM) bolar. Bu maksatnama sebit ýurtlaryna:
• Buzluklaryň we köp ýyllyk doňaklygyň ýagdaýyna bilelikde gözegçilik etmäge;
• Howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşyny utgaşdyrmaga;
• Ekologiýa howplary bahalandyrmak üçin umumy gurallary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Bu näme üçin hemmelere möhüm?
Buzluklaryň eremegi diňe ylmy hakykat däl, eýsem sebit ýurtlarynyň azyk we energetika howpsuzlygyna täsir edýän uly mesele bolup durýar. Sessiýanyň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Bu resminama halkara maliýe institutlaryndan maýa goýumlary we grantlary çekmek üçin möhüm hukuk we syýasy esas bolar.
Gazagystanyň SES-2026 çägindäki başlangyjy ylmy aladalary hakyky döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine öwürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa millionlarça adamyň durmuşyna täsir edýän ekoulgamy goramaga kömek eder.
ORIENT
