17-nji aprelde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi we “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatyndaky ýedinji duşuşyk geçirildi. Bu çärelere Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilim ulgamyndaky esasy binýatlaýyn guramalar boýunça kararlary, hususan-da, bilim ulgamlaryny maglumat bilen üpjün etmek we uly ýaşlylara hünär öwretmegi ösdürmek baradaky resminamalary tassykladylar. Bu ädimler “bilim diplomatiýasynyň” hakyky hyzmatdaşlyk guralyna öwrülmegine gönükdirilendir.

Şeýle-de, ministrler birnäçe bilelikdäki beýannamalary, şol sanda Pars aýlagyndaky ýagdaý baradaky resminamany we adamyň kosmoso uçmagynyň 65 ýyllygyna bagyşlanan ýüzlenmäni kabul etdiler. Geljege nazar salyp, taraplar Arkalaşykda 2028-nji ýyly “Sosial ösüş we durmuşyň hili ýyly” diýip yglan etdiler, bu bolsa Türkmenistanyň milli ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýär.

GDA-nyň mejlisinden soňra “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde çekişme has amaly häsiýete eýe boldy: taraplar sebit howpsuzlygy we serhetüsti wehimlere garşy göreş meseleleri boýunça pikir alyşdylar Emma Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, sebitiň durnuklylygy diňe bir güýç ulanylýan çäreler däl, eýsem medeni arabaglanyşyga-da baglydyr. Gatnaşyjylar zehinleri ösdürmäge we ylmy hyzmatdaşlyga ünsi çekip, hünär alyş-çalşygyny giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Ahmet Gurbanow şeýle hem ýylyň esasy syýasy wakasynyň geçiriljek ýerini mälim etdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabryna meýilleşdirilen nobatdaky sammiti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Sammitiň öňüsyrasynda, 7-nji oktýabrda Türkmenistanda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi bolar.

