14-nji aprelde Türkmenistandan Çeçen Respublikasyna ilkinji gezek pomidorlaryň tapgyry iberildi. Bu bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we milli oba hojalyk önümleriniň eksport geografiyasynyň giňeldilmeginde täze ädim boldy. Import edilen önümler eksport ediji ýurduň ähli zerur fitosanitariýa şahadatnamalary bilen üpjün edildi.
Türkmen pomidorlarynyň täze bazara çykarylmagy ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň durnukly ösýändigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýokary hilli oba hojalyk önümlerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.
Türkmen pomidorlary ýokary tagamlylygy, ekologiýa taýdan arassa bolmagy we häzirki zaman ösdürip ýetişdiriş ülňülerine laýyklygy bilen halkara bazarlarynda eýýäm özüni tanatdy. Häzirki wagtda olar birnäçe ýurtlarda durnukly islegden peýdalanýar we daşary bazarlardaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär.
Çeçen Respublikasynyň bazaryna çykmak eksport möçberlerini artdyrmak we türkmen oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlarda mundan beýläk-de ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.
