15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy.
Din Sýuesýan öz ýurdunda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady we pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Bu gatnaşyklary ilerletmekde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Myhman türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýakynda Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, halkara giňişlikde ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky berk syýasy ynamy tassyklaýar.
Iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
“Bularyň ählisi Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi.
Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler.
Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Hytaý ýurdumyzyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
