
14-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň çäginde «Excellence in Public Service Delivery to Achieve the Sustainable Development Goals» atly ugurdaş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Çäre BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (UN DESA) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlara hyzmatlary we durmuş innowasiýalary boýunça döwlet gullugy (ASAN) tarapyndan guraldy.
Sessiýanyň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew maslahatlaşmalara gatnaşdy. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak işleriniň möhüm ugurdygyny tassyklaýar.
Çäräniň maksatnamasy Azerbaýjanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Tofig Musayewiň, UN DESA ýolbaşçylarynyň hem-de BMG-niň Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy boýunça müdirliginiň direktory Dima Al-Hatibiň çykyşlary bilen açyldy.
Maslahatlaşmalarda aýratyn üns ASAN indeksiniň ornaşdyrylmagyna berildi. Bu görkeziji esasynda bilermenler raýatlara hyzmat etmegiň netijeliligini we hilini bahalandyrmagyň usullaryny hödürlediler. Gatnaşyjylar döwlet hyzmatlarynyň netijeliliginiň döwlet institutlaryna bolan ynamy güýçlendirmekdäki hem-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegindäki ornuny seljerdiler.
Soňra halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stolda dolandyryş ulgamyndaky innowasiýalar we döwlet hyzmatlarynyň hilini kesgitlemek boýunça bitewi ölçegleri işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti üçin bu çäre milli ülňüleri kämilleşdirmek we adam merkezli sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek mümkinçiligini döretdi.
BMG-niň meýdançasyndaky işjeň dialog Türkmenistanyň durnukly ösüşiň global maksatlaryna ýetmek we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin innowasion çemeleşmeleri ulanmaga taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.
ORIENT
Tema boýunça:
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň forumynda ýaşlar başlangyçlaryny hödürleýär