Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi ähli gyzyklanýanlary pars dilini öwrenmek boýunça tomusky okuwlara çagyrýar. Bu okuwlar okuwçylar, talyplar we uly ýaşlylar üçin täze dili öwrenmek, gadymy medeniýet bilen tanyşmak hem-de geljekki hünär ýa-da syýahat üçin peýdaly başarnygy gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Guramaçylar okuwy şahsy işler ýa-da tomusky dynç alyş bilen utgaşdyrmak üçin iki görnüşli okuw tertibini taýýarladylar:
• Duşenbe, çarşenbe, anna — okuwlar 26-njy iýunda başlanýar.
• Sişenbe, penşenbe, şenbe — okuwlar 25-nji iýunda başlanýar.
Özüňize laýyk wagty saýlap bilersiňiz:
• Irdenki topar: 09:00 – 10:30 ýa-da 10:45 – 12:15
• Günortanky topar: 14:30 – 16:00
• Agşamky topar: 16:15 – 17:45 ýa-da 18:00 – 19:30
Okuwlara nädip ýazylmaly?
Okuwlara ýazylyşyk eýýäm açyldy we 2026-njy ýylyň 13-nji iýunyna çenli dowam eder. Diňleýjileri kabul etmek ýekşenbeden başga her gün alnyp barylýar.
Kabul ediş topary 10:00-dan 19:00-a çenli işleýär, günortanlyk arakesme 13:00-dan 15:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
93 – 42 – 11;
93 – 42 – 09.
ORIENT
