Hytaý ýokary töwekgelçilikli şertlerde wezipeleri ýerine ýetirmek üçin emeli aňly robotlary ulanmakda uly öňegidişlik gazandy. Bu milli “akylly” enjamlar senagaty üçin öňe ädilen möhüm ädimdir.
Täze robotlaryň biri adamşekilli goşa manipulýatorlar we diwarlarda hereket etmek üçin magnitler bilen enjamlaşdyrylandyr. Giň gerimli emeli aň modelleriniň netijesinde, ol howply işlerde — meselem, himiki serişdeler saklanýan ammarlarda, gämilerde we energetika desgalarynda kebşirlemek, näsgazlyklary anyklamak we posy aýyrmak ýaly işlerde adamlaryň ornuny tutmaga ukyplydyr. Robot kabel arkaly iýmitlendirilýär, bu bolsa batareýa çäklendirmesi bolmazdan, onuň üznüksiz işlemegini üpjün edýär.
Ýörite maksatly robotlaryň ylmy-barlag we işläp düzüji toparynyň ýolbaşçysy Pu Sýao modeliň okadylyş gerimi barada gürrüň berdi: robotlar 100 müň sagatdan gowrak iş tejribesini topladylar, jemi 22 müň 500 kilometr aralygy geçdiler (bu Ýeriň ekwator aýlawynyň ýarysyndan köpdür) we 5 müň inedördül kilometrden gowrak meýdanda hereket etdiler. Maglumatlaryň uly möçberi maşynyň intellektual ukyplaryny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Mundan başga-da, ýerüsti barlag roboty hem ulanmaga berildi. Ol berk we örän çeýe 6 okly robotlaşdyrylan el bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle gurluş ony howply ýagdaýlarda — meselem, ýangynlarda ýa-da zäherli gazlaryň syzmagynda adamlaryň ýerine ulanmaga mümkinçilik berýär. Robot öçürijileri ýapmak we klapanlary towlamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Enjamyň ýene bir möhüm hyzmaty — 2 müň metr aralygyň içinde ýangynlary we näsazlyklary anyklamakdyr. Maşyn ähtimal bolan howplary azaltmaga kömek edýän duýduryşlary öz wagtynda berýär.