Hytaýda kabel ulgamlaryny suwuň astynda barlamak üçin niýetlenen, doly öz güýçleri bilen işlenip düzülen ilkinji robot resmi taýdan ulanmaga berildi. Bu enjam çuň suwda ýerleşýän energetika we aragatnaşyk torlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin täze tehnologik çözgüdi hödürleýär.
“Akylly” suwasty robot gidrolokatoryň, elektromagnit anyklamanyň we mehaniki dolandyryşyň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ol 300 metr çuňlukda suwasty kabelleri özbaşdak barlamaga ukyplydyr. Pilotsyz ýerüsti gämiler bilen utgaşykly hereket edilende, işiň netijeliligi adaty el güýji bilen geçirilýän barlaglar bilen deňeşdirilende 10 esse ýokarlanýar.
Oalryň işleýiş mümkinçilikleri ýagny robot elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen deňiz düýbüniň çökündilerinde ýerleşýän kabelleri tapýar we olaryň kemçiliklerini — meselem, könelmegi ýa-da jaýryklary ýüze çykarýar. Barlag işiniň barşy kompýuter tomografiýasyna meňzeşdir: magnit we spektral detektorlaryň kömegi bilen enjam zyýan ýetmeleriň dürli görnüşlerini ýokary takyklyk bilen kesleýär.
Robotyň bäş sany erkinlik derejesine eýe bolan robotlaşdyrylýan eli bar — ol kabelleri islendik ýagdaýda çeýe tutup bilýär. Hereketlendiriji gurluş sekiz sany kämilleşdirilen enjamdan ybaratdyr: olaryň dördüsi dikligine suwa çümmäge we ýokary galmaga, galan dördüsi bolsa keseleýin öňe we yza hereket etmäge jogap berýär.
Enjam suwasty «aňtawçy» hökmünde işleýär we sagatda 5–7 kilometr tizlik bilen hereket edýär — bu adamyň çalt ýöreýşine ýa-da ylgawyna barabardyr. Yşyklandyryş ulgamlary deňiz düýbüni ýagtylandyrýar we suwasty gurşawyň aýdyň görünmegini üpjün edýär.
Bu işläp düzme çuň suwdaky infrastruktura desgalarynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrmaga, şol bir wagtda olara gözegçilik we hyzmat etmek üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.