Uçarmanly Artemis II missiýasynyň ekipažy Aýy aýlanandan soň, uçuşy üstünlikli tamamlap, Ýere dolanyp geldi. Orion kosmos gämisi San-Diýegonyň kenarlaryna golaý ýerde, Ýuwaş ummanynda suwa gondy.
Gonuş ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 20:07-de (Moskwa wagty bilen 03:07) paraşýut ulgamy arkaly amala aşyryldy. Dolanyp gelşiniň göni ýaýlymy NASA-nyň resmi platformalarynda görkezildi.
Suwa gonandan soň, gämi halas ediş gulluklary tarapyndan çykaryldy. Missiýanyň tamamlanmazdan öň goşmaça tehniki barlaglaryň geçirilmegine garaşylýar, soňra bolsa enjam USS John P. Murtha desant gämisiniň bortuna geçirilýär.
Ekipažyň düzümine Rid Uaýzman, Wiktor Glower, Kristina Koh ýaly NASA astronawtlary hem-de Kanadanyň kosmos agentliginiň wekili Jeremi Hansen girdi.
Missiýa 1-nji aprelde başlady we Aýa adamzadyň gaýtadan dolanmagyny maksat edinýän Artemis maksatnamasynyň bir bölegi boldy. Uçuşyň dowamynda gämi Aýy aýlanyp çykdy we oňa takmynan 8 müň kilometr aralyga çenli golaýlady.
Missiýanyň esasy maksady — geljekki uzak kosmos uçuşlary üçin, şol sanda 2028-nji ýylda meýilleşdirilýän uçarmanly Aýa gonuşdan öň, gäminiň ulgamlaryny we enjamlaryny synagdan geçirmekdir.
ORIENT
