6–11-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde FIDE Halkara küşt federasiýasy hem-de Halkara mekdep küşt federasiýasy tarapyndan guralan mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň Aziýa tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aziýanyň 19 ýurdundan 26 topar gatnaşdy.
Abraýly ýaryşda Türkmenistana A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň topary wekilçilik etdi.

Toparlaýyn ýaryşyň netijeleri boýunça Osman Hamrakuliýew birinji tagtada III orny eýeledi. Bu kategoriýada birinji orun Moskwanyň Kurçatow mekdebiniň ýaş halkara ussady Roman Şogjiýewe degişli boldy (FIDE reýtingi — 2399).
Osman A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy bolup, 5 ýaşyndan bäri küşt bilen meşgullanýar. Onuň tälimçisi grossmeýster Maksat Atabaýew.

Her toparyň düzümine dört esasy oýunçy, bir ätiýaçdaky oýunçy we bir kapitan (uly ýaşly) girýärdi. Ýaryşyň şertlerine görä, her toparyň düzüminde azyndan bir oglan we bir gyz bolmalydy. Bäsleşige 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda doglan türgenler gatnaşdylar.
Oýun tapgyrlaryndan başga-da, ýaryşyň maksatnamasyna grossmeýsterler we tälimçiler tarapyndan geçirilen ussatlyk sapaklary, mugallymlar we ene-atalar üçin bilim sessiýalary, interaktiw çäreler hem-de medeni maksatnama hem girizildi.

Türkmenistanyň bu ýaryşa gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi küşt oýnuny mekdep maksatnamasyna ornaşdyrmak ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň esasy strategik maksatlarynyň biridir.
Ýaryş baradaky giňişleýin maglumat bilen chess-results.com salgysynda tanşyp bolýar.
ORIENT
