Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçirilýän 2026-njy ýylyň boks boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.
World Boxing guramasynyň howandarlygynda geçirilýän ýaryş 30-njy martdan 10-njy aprele çenli dowam edýär. Ýaryşa Aziýanyň dürli ýurtlaryndan 194 türgen gatnaşýar — şolaryň 115-si erkekler, 79-y zenanlar bolup, olar 20 agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşýärler.
Ýarym final duşuşygynda Yslamow Gazagystanyň wekili Aýbek Oralbaýdan 0:5 hasabynda ýeňildi.
Söweşden soň gazak boksçysy garşydaşyny gowy tanaýandygyny belläp geçdi: «Biz Şymkentde bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdik, şol döwürde ol biziň toparymyz bilen türgenleşýärdi we sparringlere gatnaşýardy. Bu gün ol bilelikdäki türgenleşiklerden hem has gowy çykyş etdi, sebäbi ol örän gowy taýýarlanypdyr. Bu ýerde gowşak gatnaşyjy ýok — ähli türgenler güýçli».
Çempionatyň finalynda Oralbaý Hytaýyň wekili Danabek Baýkonys bilen duşuşar. Ol ýarym finalda hindistanly Narendera garşydaşyny tehniki çözgüt bilen 4:1 hasabynda ýeňdi.
ORIENT
