
Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Aşgabatdaky ilçisi Farýal Legariniň duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar hem Türkmenistanda, hem-de Pakistanda senagat we oba hojalyk sergilerini guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meýdançalar iki ýurduň işewürler toparlary üçin özara hyzmatdaşlyk köprüsi bolmaga hyzmat eder.
Türkmenistan üçin bu ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň önümleriniň Pakistanyň uly bazaryna bolan eksportyny giňeltmäge, Pakistan üçin bolsa — sebitiň oba senagat pudagyndaky ornuny berkitmäge mümkinçilikdir.
Sergi işlerinden başga-da, diplomatlar bilelikdäki energetika we ulag taslamalarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy ynamyň berkitilmegi we işewür toparlarynyň göni gatnaşyklary netijesinde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň şu günki günde täze itergi alýandygyny nygtadylar.