Hytaýyň emeli aň pudagy täze tapgyra gadam basýar. Ýurduň kuwwatly hasaplama ukyby we ösen elektroenergetika infrastrukturasynyň netijesinde we iri dil modelleri tarapyndan işlenip düzülýän tokenleriň möçberiniň durnukly ösmegi bu tapgyryň esasy aýratynlygydyr.
Emeli aňy ulanmagyň ölçeg birligi bolan tokene indi resmi taýdan hytaýça «siýuan» diýilýär. Iýmit eltip bermekden we gysga wideolary döretmekden başlap, saglygy saklaýyş hem-de bilim pudaklaryna çenli — Hytaý dünýädäki iň berk sanly gurşawa eýedir we her bir amalda yzygiderli tokenler sarp edilýär. Mart aýynda Hytaýda tokenlere bolan ortaça günlük ýüzlenmeleriň sany 140 trilliondan geçdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň başyndaky görkezijiden 1000 esseden hem köpdür.
«Tokenlere ýüzlenmeleriň sanynyň artmagy Hytaýyň emeli aň pudagynyň çalt depginler bilen ösýändigini görkezýär. Hytaýyň sarp edijilere gönükdirilen token ulanşygy eýýäm dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Emeli aňyň elektron söwda, syýahatçylyk we durmuş ulgamlaryna giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, Hytaýda iri emeli aň modelleriniň ýaýradylmagy aç-açan kämilleşmek tapgyryna ýetdi» — diýip, «International Data Corporation (IDC) China» kompaniýasynyň korporatiw ulgamlar we programma üpjünçiligi boýunça barlaglar bölüminiň wise-prezidenti Tomas Çžou aýtdy.
300-den gowrak meşhur modelleri birleşdirýän we programmistleriň hem-de startaplaryň saýlawlaryny görkezýän «OpenRouter» platformasynyň maglumatlaryna görä, hytaý modelleri soňky aýda token ulanşygy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ep-esli öňe geçip, ilkinji dört orny eýeledi.
Ulanyjylar hytaýyň iri dil modellerine aç-açan artykmaçlyk berýärler we ulanylýan tokenler üçin töleg tölemäge taýýardyrlar. IDC barlaglaryna görä, olar hytaý modellerini diňe bir öndürijiligi üçin däl, eýsem ykdysady taýdan bähbitliligi üçin hem saýlaýarlar.
«Häzirki wagtda Hytaýda tokenleriň bahalary örän bäsdeşlige ukyplydyr.
Käbir daşary ýurt kompaniýalary hem hytaýyň iri dil modelleri bilen meşgullanýan kärhanalar tarapyndan hödürlenýän hasaplama kuwwatlyklaryny ulanýarlar. ABŞ bilen deňeşdireniňde, ýerli model üpjünçileri tarapyndan hödürlenýän tokenleriň bahasy amerikan bahalaryndan takmynan 1/20-den 1/8-e çenli aralykdadyr, bu bolsa geň galdyryjy derejede pes bahadyr. Bu bahalar emeli aň taslamalaryny giňeltmek isleýän kärhanalar üçin örän möhümdir. Biziň çaklamalarymyza görä, emeli aň taslamasynda tokenlere gidýän çykdajylar umumy harajatlaryň 60-70 göterimine barabar bolup biler» diýip, — Çžou aýtdy.
Emeli aňyň bu ösüşi Hytaýda hasaplama kuwwatlyklaryna we elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagyna hem itergi berýär. Şunda ýurduň durnukly energiýa üpjünçiligi onuň hasaplama kuwwatlyklarynyň ygtybarlylygyny üpjün edýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň elektrik stansiýalarynyň gurnalan kuwwaty 3,89 milliard kilowatta ýetdi, şunda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 60 göterimden geçdi.
«Hytaý elektrik energiýasyny öndürmekde ägirt uly artykmaçlyga eýedir. Biziň öndürýän elektrik energiýamyz ABŞ-nyňkydan takmynan 2,5 esse köpdür, bu bolsa dünýäniň islendik beýleki ýurdundan has öňdedir. Soňky ýyllarda Hytaý “Ýaszýan” kompaniýalar toparynyň gidroenergetika başlangyçlary ýaly iri taslamalary durmuşa geçirip başlady. Geljekde Hytaýyň energiýa üpjünçiligi ulgamynda dünýäde öňdebaryjy bolup galmagyna we hasaplama kuwwatlyklaryna bolan artýan islegleri kanagatlandyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolmagyna garaşylýar» — diýip, Pekin uniwersitetiniň Guanhua dolandyryş mekdebiniň professory Wen Si aýtdy.
Şu ýyl hökümetiň hasabatynda ilkinji gezek «hasaplama kuwwatlyklarynyň we elektrik üpjünçiliginiň utgaşykly ösdürilmeginiň» möhümdigi nygtaldy.
«Hasaplama kuwwatlyklarynyň we elektrik üpjünçiliginiň utgaşykly ösdürilmegi — bu möhüm strategiýadyr. Ol hasaplama zerurlyklaryny tapawutlandyrmagy, hususan-da, wezipeleriň gyssaglylygyna görä elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegini talap edýär. Gyssagly wezipeleri has gymmat bolan ýylylyk energiýasyny ulanyp, ýerli derejede çözüp bolar, gyssagly däl wezipeler bolsa has uzak sebitlerden gelýän ekologik taýdan arassa elektrik energiýasyny ulanyp bilerler. Bu bolsa öz gezeginde tokenleriň bahasynyň peselmegine getirer. Ýurt, emeli aňyň täze eýýamynda elektrik energiýasyna bolan dürli görnüşli islegleri dolandyrmak üçin has bazara gönükdirilen we çeýe ulgamy ulanmaga taýýarlanýar» diýip, Wen aýtdy.
Elektrik üpjünçiliginde, maglumatlary işlemek merkezlerinde we hasaplama düzümlerinde uly artykmaçlyklara eýe bolan Hytaý, emeli aň ulgamyndaky öz innowasiýalaryny ösdürmek we sanly hyzmatlaryň eksportyny artdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.