
Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Hindistan ― Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda «Hindistan ― Merkezi Aziýa: polýarly dünýäde baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa maslahatyň «Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly sessiýada çykyş edip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki başlangyçlaryny beýan etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň wekiliýeti işjeň çykyş edip, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hindistan Respublikasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasaty barada gürrüň berdi.
Forumyň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkidiji güýçdügine aýratyn üns çekildi. Şunda 2025-nji ýylda Hindistan ― Merkezi Aziýa Gaznasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikdäki «Hindistan ― Türkmenistan: taryh, medeniýet we ykdysady ösüş» atly kitabyň neşir edilmegi, institut bilen Hindistanyň Suşma Swaraj adyndaky Diplomatik gullugy institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi, 2022-nji ýylda Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hindistan burçunyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesi hökmünde nygtaldy.

Şeýle hem institutda bilim alýan talyplar üçin dostlukly ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary, ylym-bilim ulgamyndaky gazananlary, döwletleriň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary içgin öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem nygtalyp geçildi.
Bu halkara maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky taryhy, dostlukly gatnaşyklaryň häzirki zaman şertlerinde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

ORIENT