
Öňdebaryjy köpugurlyonlaýn söwda platformalarynyň biri bolan Ozon, Türkmenistanyňýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny işe girizýändigi barada habar berýär. Häzirki wagtda, ozon.tm platformasynda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynaçagalar harytlaryndan başlap, öý tehnikasyna çenli dürli kategoriýalardan150 milliondan gowrak haryt elýeterlidir.
Ilkinji tapgyrda eltip berme hyzmaty diňe Aşgabat şäherinde elýeterlibolar — müşderiler öz sargytlaryny «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşykbölümlerinden alyp bilerler. Aprel aýyndan başlap, kompaniýa öz logistikimümkinçiliklerini ýurduň beýleki welaýatlaryna giňeltmegi we çaparhyzmatlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Başda, sargydy eltip bermegiň möhleti takmynan 10 güne çeker, geljekdeeltip berme möhleti has gysgalar.
«Şu günden başlap, GDA döwletleriniň millionlarça müşderilerimiziňhataryna Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem goşulmagyna biz öränbegenýäris» diýip, Ozon-yň GDA döwletleri boýunça Baş direktoryNatalýa Boer belledi. «Biz ýurdyň elektron söwdasynyň ösüşinde ulymümkinçilik görýäris hem-de platformamyzyň ýerli ilata gündeliksöwdasynda gowy kömekçi boljakdygyna ynanýarys. Munuň üçin bizdedürli görnüşli harytlaryň giň toplumy, elýeter bahalar we ygtybarlyhyzmat ýaly ähli zerur şertler bar».
Ozon öz halkara işini 2021-nji ýyldan bäri işjeň ösdürip gelýär. Häzirkiwagtda kompaniýa öz işini, Türkmenistandan daşary, 10 ýurtda alypbarýar.
Ozon — bu ösen logistik ulgamy bolan köpugurly onlaýn söwdaplatformasydyr. Häzirki wagtda kompaniýa Gazagystan, Ermenistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa, şeýle hem Hytaý we Türkiýe ýaly ýurtlarda iş alyp barýar. Platformada kitapdan we egin-eşikdenbaşlap, azyk önümleri we saglyk üçin harytlary ýaly 20‑den gowrakkategoriýadan 400 milliondan gowrak haryt teklip edilýär. 65,1 milliondangowrak aktiw müşderi Ozon-yň ösen logistika infrastrukturasynyň üsti bilensargyt edýär, bu bolsa 750 müňden gowrak telekeçä öz harytlaryny Russiýadawe GDA döwletlerinde satmaga mümkinçilik berýär.