Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde, ýurdumyzda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. «Bank-2026» atly bu bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky bilen bilelikde guralyp, bank ulgamynyň wekilleriniň arasynda kubogyň eýesini kesgitlemek maksady bilen geçirildi.

Ýaryş Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara küşt düzgünlerine laýyklykda geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:
Zenanlaryň arasynda:
«Rysgal» PTB — Atbaşyýewa Güljahan Babajanowna — I orun
Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky — Akmämmedowa Mähri Myradowna — II orun
Türkmen-türk täjirçilik banky — Muhammedowa Jeren Örebaýewna — III orun

Erkekleriň arasynda:
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky — Geldiýew Aşyrguly Gurbangulyýewiç — I orun
«Rysgal» PTB — Berdiýew Täçmyrat Kadyrowiç — II orun
Türkmen-türk täjirçilik banky — Öwezow Perman Ýazmyradowiç — III orun

Bu ýaryş baýramçylyk çäreleriniň bir bölegi bolup, bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt oýnuny wagyz etmäge, şeýle hem hünär we korporatiw hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berdi.






