
Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iki täze okuw gollanmasy çap edildi. «English for International Lawyers» we «Hünär boýunça rus dili» atly neşirler geljekki hünärmenleri halkara derejesinde netijeli işlemäge zerur bolan gurallar bilen üpjün etmegi maksat edinýär.
Halkara ýuristler üçin iňlis dili
«English for International Lawyers» (awtorlary: M. Orazowa, A. Öwezowa) okuw kitaby hukuk we halkara gatnaşyklary ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin ýörite işlenip düzüldi. Gollanma 12 bölümden ybarat bolup, Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň hukuk ulgamlarynyň esasy ugurlaryny öz içine alýar. Bu neşir geljekki ýuristlere halkara terminologiýasynda erkin ugrukmaga we daşary ýurtly kärdeşleri bilen hünär derejesinde gepleşikleri alyp barmaga kömek eder.
Ykdysadyýet ulgamynda rus dili
Dil däl hünärler boýunça okaýan talyplar, şol sanda «Halkara ykdysady gatnaşyklary» ugry üçin «Hünär boýunça rus dili» (awtory: T. Babaýewa) atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw meýilnamasy 136 sagada niýetlenip, amaly başarnyklara gönükdirilendir: işewür hat alyşmak we resminamalary taýýarlamak; gepleşikleri we prezentasiýalary geçirmek; şeýle hem özbaşdak iş üçin tekstleri işlemek.
2026-njy ýylda täze okuw gollanmalarynyň neşir edilmegi bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň möhüm tapgyry boldy. Halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýän şertlerinde daşary ýurt dillerini bilmek ýaşlaryň hünär taýdan ösüşi üçin hökmany talap bolup durýar. Täze kitaplar talyplara diňe bir nazaryýeti öwrenmäge däl, eýsem geljekki hünär ýolunda ýüze çykjak hakyky kynçylyklara taýýarlanmagyna hem kömek eder.
ORIENT