Türkmenistandan StartUp Academy “Iň gowy startap goldaw maksatnamasy” ugry boýunça abraýly halkara CEVF Awards baýragyna gatnaşmaga saýlandy. Bu möhüm waka: ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili sebitdäki iň iri wençur platformalarynyň biri bolan Central Eurasia Venture Forum-a gatnaşýar.
Baýraga gatnaşmak — Türkmenistanyñ ähli innowasion gurşawy üçin möhüm ädimdir. Bu, ýurdumyzda öz startap ekoulgamynyň kemala gelýändigini, geljegi uly taslamalaryň we tehnologiýa çözgütlerini ösdürmäge taýýar toparlaryň peýda bolýandygyny sebit derejesinde görkezmek üçin mümkinçilikdir.
StartUp Academy topary bu üstünligi alty ýyllyk yzygiderli işiň netijesi hökmünde belleýär. Maksatnama çuňňur ekzpertizany we amaly çemeleşmäni birleşdirýär hem-de ideýany hakyky işe öwürmek isleýänler üçin mentorlaryň ýolbaşçylygynda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Halkara derejesindäki ykrar edilme, türkmen başlangyçlarynyň ýurdumyzyň çäginden daşarda-da tanalýandygyny tassyklaýar.
Taslamany nädip goldamaly?
Ýeňiji açyk ses beriş arkaly kesgitlenýär. Her bir ses — Türkmenistanyñ innowasion kartadaky tanalmagyna goşantdyr. StartUp Academy üçin ses bermek şu sahypada mümkin: https://ventureforum.asia/award
Startaplar üçin täze mümkinçilikler
Bäsleşige gatnaşmak bilen bir hatarda StartUp Academy işrwürlik-inkubasiýa maksatnamasynyň 14-nji tapgyryna arzalary kabul edýär. Bu, öz ideýasyny ösdürmek we ösýän telekeçilik jemgyýetiniň bir bölegi bolmak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Arzalaryň kabul edilýän möhleti: 3-nji aprele çenli.
Maksatnamanyň başlanýan senesi: 11-nji aprel.
Giňişleýin maglumat: https://startup-tm.com/business_incubator
CEVF Awards-a gatnaşmak diňe bir buýsanç däl, eýsem ýurdumyzyň tehnologik kuwwatynyň ösýändiginiň alamatydyr. Bu gün her bir adam bu möhüm ädimi goldap biler.
ORIENT
