Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köpugurly maglumat geçiriji ulgamyny (internet) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen aragatnaşyk enjamlaryny üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara tenderi yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şeýle hem «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bäşinji (5G) we dördünji (4G+, şol sanda VoLTE we LTE-Advanced) nesil öýjükli aragatnaşyk üçin kabul ediji-geçiriji bazalyk stansiýalary satyn almak, şeýle hem kompaniýanyň bar bolan mobil ulgamynyň programma-enjamlaýyn serişdelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk halkara tenderi yglan etdi.
Tender iki lotdan ybarat. Birinji lot Aşgabat şäherinde, şeýle hem Türkmenistanyň Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda TM CELL ulgamyny ösdürmek üçin tehnologik enjamlary işläp taýýarlamak, taslamak, üpjün etmek we gurnamak işlerini öz içine alýar. Ikinji lot bolsa Lebap we Mary welaýatlarynda şuňa meňzeş işleri göz öňünde tutýar.
