2026-njy ýylyň 24-nji marty, sişenbe güni, Türkmenistanyň telekeçileri içerki we daşarky bazarlarda birnäçe geleşikleri baglaşdylar.
Türkiýäniň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we “SN-180” kysymly esas ýaglaryny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri ýerli işewürler bilen ýeňil senagaty önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda bolsa “TPP Z 30 G” kysymly polipropilen, “SN-600” we “SN-350” kysymly esas ýaglary, şeýle hem koekstruziýa usuly bilen öndürilen gaplaýyş örtügi ýerlenildi.
Umumy bahasy 9 130 000 manada we 2 924 345 ABŞ dollaryna deň bolan 12 sany geleşik baglaşyldy.
Bu geleşikler türkmen önümlerine bolan durnukly islegi görkezýär we milli senagatyň durnukly ösüşini tassyklaýar.
ORIENT
