Hytaýyň esasy ugurlarda uly tagallary edip, sanly ykdysadyýetiň ýokary hilli ösmegine ýardam bermek makadynyň bar diýip, sişenbe güni Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Milli maglumatlar müdiriýetiniň direktory Lýu Liehun mälim etdi.
Lýunyň sözlerine görä, 14-nji bäşýyllyk döwründe (2021-2025-nji ýyllar) sanly ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň goşulan bahasynyň jemi içerki önümdäki paýy 2020-nji ýyldaky 7,8%-den 2025-nji ýylda 10,5%-den gowrak derejä çenli ýokarlandy. Şunda ortaça ýyllyk ösüş depgini 12,8% bolup, bu şol döwürdäki jemi içerki önümiň ösüş depgininden ep-esli ýokarydyr.
«Biz maglumatlar zynjyryny ulanmak arkaly innowasion, önümçilik, maýa we hünärmen zynjyrlaryny çuňňur utgaşdyryp, sanly senagat klasterlerini tapgyrma-tapgyr ösdüreris. Şeýle hem sanly senagat klasterleriniň üç görnüşiniň ýagny innowasiýalary höweslendirýänleriň, sebit derejesindäki sütünlere öwrülenleriň we sebit aýratynlyklaryna eýe bolanlaryň ösmegine ýardam bereris. Sanly ykdysadyýetdäki innowasion kärhanalary goldamak we ösdürmek maksady bilen, biz şu ýyl Ösüş we özgerişler boýunça milli komissiýa hem-de beýleki degişli edaralar bilen bilelikde güýçli innowasiýa ukyby we uly ösüş mümkinçiligi bolan kärhanalar toparyny saýlap alarys. Olary ätiýaçlyk güýçler hökmünde kemala getirmek üçin hasaplama kuwwatlyklary, maglumatlar, ssenariýalar we maliýeleşdirme görnüşinde toplumlaýyn syýasy goldaw bereris», — diýip, Lýu belledi.
Lýu şeýle hem Hytaýyň tutuş şäher boýunça sanly özgertmeleri öňe sürjekdigini, gaýtadan işleýän senagatyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanlylaşdyrmagy çaltlandyrjakdygyny hem-de logistika, maliýe, saglygy goraýyş we garrylara ideg etmek pudaklarynda ýokary netijeli sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny tizleşdirjekdigini belledi.