Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli, iPhone 17 Pro modeliniň aýratyn seriýasy — “Stiw Jobs” ady bilen — hödürlendi. Täze model 2007-nji ýylda çykarylan ilkinji iPhone-nyň stilinde taýýarlanyp, korpusynyň içine kompaniýanyň esaslandyryjysy Stiw Jobsyň gara wodolazkasynyň hakyky bölegi ýerleşdirilipdir.
Smartfon gara-kümüş reňklerde bezelip, özboluşly nagyş we ýokary süýşürilen Apple logotipi bilen ilkinji nesil iPhone-a salgylanýar. Kompozisiýanyň merkezinde titan logotipi ýerleşýär, onuň içinde bolsa matanyň bölegi bar we onuň hakykylygy degişli sertifikat bilen tassyklandy. Dizayn “50 Anniversary Edition” ýazgysy we Stiw Jobsyň goly bilen doldurylan.
Kolleksiýa goşmaça iki model hem girýär: “Gara Alma” we “Altyn Alma”. “Gara Alma” görnüşi gara titan we karbon materiallardan taýýarlanyp, köpgatlakly tekstura hem-de minimalistik dizaýna eýedir. “Altyn Alma” modeli bolsa karbon nagyşyny altyn elementler bilen utgaşdyryp, 18 karat altyndan ýasalan göwrümli Apple logotipi bilen üpjün edilendir.
Bu aýratyn seriýa çäkli mukdarda çykaryldy: “Stiw Jobs” modeli bary-ýogy 9 sany, “Altyn Alma” we “Gara Alma” görnüşleri bolsa hersi 50 sanydan öndürildi.
Apple kompaniýasynyň bu eksklýuziw iPhone 17 Pro seriýasy häzirki zaman dizaýnyny we taryhy mirasy birleşdirip, dünýä boýunça millionlarça adamy ruhlandyran döredijiniň ýadygärligine öwrüldi.
