Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin müsahibe berdi.
Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlykdan başlaýyn. Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar etdi. Ol 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan dünýäde ilkinji ýurt boldy. 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.
Netijede, 2023-nji ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekilenden soň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu resminamalar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykandygyny aňladýar.
Iki döwlet daşary syýasy derejede netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň we geňeşmeleriň usullary döredildi. Iri halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-biregi goldamagyň tejribesi ýola goýuldy. Bu bolsa dünýä we sebit gün tertibiniň örän möhüm soraglary boýunça özara düşünişmegiň, netijeli usullaryň ýola goýlandygyny görkezýär.
Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, biziň halkara başlangyçlarymyzy üýtgewsiz goldaýandygyna ýokary baha berýärin hem-de munuň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Öz gezeginde, Türkmenistan hem hytaýly dostlarymyz üçin wajyp soraglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň umumylygyna hem-de bitewüligine degişli soraglara garaýyşlaryny hemişe anyk beýan edýär.
Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup durýandygyny tassyklaýarys.
Hytaý bilen köptaraply görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellemek isleýärin. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde alyp barýan işine hormat goýýar. Biziň ýurdumyz ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şeýle hem döwletlerimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda döredilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär.
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek möhümdir.