Geljegiň taryh okuw kitaplarynyň ählumumy energetika üçin yza gaýdyş nokady bolmaz diýip atlandyrmagy ähtimallyk bolan hepde tamamlanýar. Soňky sagatlaryň wakalary — Katar gazynyň konserwasiýa edilmeginden başlap, Pars aýlagynyň iň möhüm strategik nokatlaryna urlan zarbalara çenli — köne düzgünleriň indi işlemeýän ýagdaýyny döretdi.
Katardaky suwuklandyrylan tebigy gazy öndürýän zawodlarynyň konserwasiýa edilmegine gelsek, bu uzak wagta çeker. Şeýle amalyň tehnologiki çylşyrymlylygy şeýle bir derejededir welin, dünýä «mawy ýangyç» üpjünçiliginiň bäşden bir bölegini aýlarça, hatda ýyllarça möhlet bilen ýitirdi. Şonuň üçin hem, biz islesek-islemesek, wakalaryň nähili tamamlanjagyna garamazdan, adamzadyň durmuşynda düýpli özgerişler bolar.
Brent kysymly nebitiň bahasy ýokary galyp we aşaklap, şu hepdäni 111,40 dollar derejesinde tamamlaýar. Ýewropada gazyň bahasy 1350 dollar derejede gorkuly belentlikde dur. Altyn bolsa bir unsiýasy üçin 2192 dollara ýetip, öz bahasyny ýitirýän walýutalaryň ummanynda ygtybarly daýanç boldy.
Şu ýagdaýlaryň şertinde «nebit-dollar» standartynyň güýjüni ýitirmegini baradaky çaklamalar has gaty ýaňlanýar. Bu indi diňe bir boş gürrüňler däl-de, eýsem dünýä söwdasynyň ähli gurluşynyň düýpli özgerjekdiginiň habarçysydyr. Dünýä biziň gözümiziň aldynda ideologik däl-de, energetika bileleşiklerine bölünýär. Gazylyp alynýan ýangyç «ýaşyl rewolýusiýanyň» ilkinji sarsgynlaryna döz gelip, esasy walýuta derejesini yzyna gaýtarýar, özara hasaplaşyklar bolsa çalt depginler bilen milli pul birlikleriniň peýdasyna diwersifikasiýa edilýär.
Bu prosesiň alamatlary diňe bir BRIKS ýa-da Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýaly iri birleşmelerde däl, eýsem biziň sebitimizde-de aýdyň duýulýar. Hatda Duşanbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde-de prezidentler milli walýutalaryň paýyny kem-kemden artdyrmaga geçiljekdigini mälim etdiler, bu barada öz wagtynda ORIENT hem giňişleýin ýazypdy.
Energetika gytçylygy dünýäni özüniň köne gorkularyna täzeden seretmäge mejbur edýär. Günorta Koreýa kömür arkaly energiýa öndürmäge dolanmaga synanyşyk edýär, öňki heläkçiliklerden gorkan Ýaponiýa bolsa, muňa garamazdan, iri atom beketleriniň işini täzeden dikeltmäge çalyşýar. Ýadro energetikasynyň ösüşiniň geljekki miweleri Fukusima we Çernobyl baradaky köpçülikleýin ýatlamalary ýuwaş-ýuwaşdan ýumşadýar.
Adaty ýangyç ýeterlik mukdarda bazara dolanyp geleninde, «gara altynyň» bahasynyň öz-özünden durnuklaşjakdygy gürsüzdir. Emma strategik öwrülişik — serişdeler üçin hasaplaşyklarda ýeke-täk walýutanyň agalygyndan ýüz öwürmekdir.
Bu mümkinmi? Jogap Ormuz başdan geçirmesi tamamlanandan soň azda-kände aýdyňlaşar.
Energiýa göterijiler — bu siwilizasiýanyň DNK-sydyr, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynyň esasyydyr. Nebit üpjünçiligi azalanda, bu diňe bir awtomobiliň ýangyç çelegine däl, eýsem bar bolan ähli zatlaryň — plastmassalaryň, dermanlaryň, egin-eşikleriň, azyk önümleriniň we şuňa meňzeşleriň öndürilişine we daşalmagyna zarba urýar.
«Bir guşak, bir ýol» merkeziniň ylmy işgäri Sýu Sýan bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyny açyp görkezýär: dünýä logistikanyň «darajyk ýerleriniň» üsti bilen adaty gatnawlaryň ýarysyndan gowragyny ýitirýär. Pekinli bilermen gatnawyň 20%-den 10%-e çenli peselendigini tassyklaýar, bu bolsa deňiz logistikasy üçin höküm ýaly ýaňlanýar.
Dünýä adaty gatnawlaryň ýarysyndan gowragyny edil deňiz bogazlarynyň üsti bilen ýitirýär. Paýhasly netije aýdyňdyr: arzan we ýeňil logistika döwri tamamlandy, geografiýa bolsa ýene-de kesgitleýji güýje öwrüldi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçy Ormuz bogazynyň de-fakto ABŞ-nyň, Ysraýylyň we olaryň ýaranlarynyň gämileri üçin ýapykdygyny, howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň bolsa nebit daşaýjylaryň köpüsini bu sebitden bütinleý gaça durmaga mejbur edýändigini tassyklady.
Şeýlelikde, deňiz bogazlaryndaky ýagdaý diňe bir ählumumy ykdysady mesele däl-de, eýsem ynsapsyz işewürlige öwrüldi. Ormuz bogazyndan howpsuz geçmek hukugy üçin gämi eýeleriniň resmi däl ýagdaýda 2 million dollar tölemäge mejbur edilýändigi baradaky habarlar deňiz logistikasynyň eýýäm maddy taýdan gysylmagyň ýesirine öwrülendigini tassyklaýar.
Şu ýagdaýlaryň şertinde Merkezi Aziýanyň gury ýer turbageçirijileri (näçenji gezek gaýtalasak hem) hakyky howpsuzlyk geçelgä öwrülýär. Bu giňişlik gorky üçin töleg alynmaýan, eýsem şertnama esasynda ygtybarlylygyň kepillendirilýän ýerdir.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
