
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň hem-de institutda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly döredijilik festiwaly geçirildi.
Festiwal üç tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar Halkara Nowruz gününi belleýän döwletleriň medeniýetini, milli lybaslaryny, el işlerini we tagamlaryny görkezýän sergiler bilen çykyş etdiler. Ikinji tapgyrda sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de folklor sahnalary görkezildi. Üçünji tapgyrda bolsa talyplaryň arasynda milli sport oýunlary boýunça gyzykly ýaryşlar guraldy.

Baýramçylyk çäresine institutyň Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary we magistrleri işjeň gatnaşdylar. Festiwalyň maksady Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini ösdürmekden hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan ýaly döwletleriň baý medeniýeti giňden açylyp görkezildi.

Festiwalyň jemleýji bölüminde eminler tarapyndan tapawutlanan toparlar kesgitlenip, ýeňijilere işjeň gatnaşandyklary üçin Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
ORIENT