Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin interwýu berdi. Söhbetdeşlik başlamazdan ozal, Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sarsmazlygyna ynam bildirip, teleýaýlymyň Hormatly myhmanlar kitabyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy. «CGTN»-iň köp millionlyk tomaşaçylaryna ýüzlenmäniň özi dünýä jemgyýetçiligine häzirki zaman Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada diňlemäge mümkinçilik beren ähmiýetli waka boldy.
Biz türkmen halkynyň Milli Lideriniň teleýaýlymyň alyp baryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginiň esasy ugurlaryny böleklere böldük, olarda Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň arhitekturasyny açyp görkezdi.
Häzirki zaman Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň özeninde özboluşly taryhy binýat ýatyr, türkmen halkynyň Milli Lideri ony döwürleriň sarsmaz arabaglanyşygy hökmünde häsiýetlendirýär. Iki halkyň ata-babalarynyň biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda baglaşan «Kasam şertnamasyny» şu dowamatlylygyň nyşany bolup durýar. Edil şu sarsmaz ýörelgeleriň ruhy şu gün hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk görnüşinde täzeden dikeldilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Hytaý 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biri boldy we şondan bäri özara gatnaşyklar barha depgin alyp, sebit durnuklylygynyň kuwwatly şertine öwrülýär.
Syýasy ugur: Garaýyşlaryň bitewüligi we özara goldaw
Ýokary derejeli türkmen-hytaý dialogy aýratyn ynamlylygy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Bitewi Hytaý» syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetini bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup durýandygyny yzygyderli tassyklaýandygyny nygtady.
Öz gezeginde, Pekin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we onuň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlarynyň berk tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bu özara sazlaşyk «Merkezi Aziýa — Hytaý» we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly köptaraplaýyn görnüşlerde hem özüni görkezýär. Türkmenistan bu meýdançalarda hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamynyň arhitekturasyna öz goşandyny goşýar.
Energetika diplomatiýasy: Gaz geçirijisi geljegiň köprüsi hökmünde
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik sütünidir. Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli maglumatlary getirdi: 2009-njy ýylda «Türkmenistan — Hytaý» gaz geçirijisi işe girizileninden bäri HHR-e 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Şu günki günde taraplar täze maksadyň — ýyllyk eksportyň möçberini 65 milliard kub metre ýetirmek boýunça uly wezipäniň üstünde işleýärler.
«CNPC» kompaniýasynyň ägirt uly «Galkynyş» gaza känini özleşdirmäge gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, bu bolsa tutuş Aziýa yklymynyň uzak möhletleýin energetika howpsuzlygyny üpjün edýär hem-de öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygynyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Logistik integrasiýasy we Beýik Ýüpek ýolunyň galkynyşy
Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi. Bu tapgyryň anyk netijeleri ulag ulgamynda aýdyň görünýär: Türkmenistanyň demir ýollaryndaky teplowozlaryň we wagonlaryň 90%-i HHR-de öndürilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gündogar — Günbatar ugry boýunça täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň Merkezi Aziýany Ýuwaş okeany bilen Atlantik okeanyny birleşdirýän gury ýer howpsuzlyk geçelgesine öwrülýändigini we Ýewraziýada täze senagat guşaklaryny emele getirýändigini nygtady.
Ynsanperwer dialog we geljege gönükdirilen maýa goýumlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri medeni-ynsanperwer gatnaşyklary «geljege maýa goýumlar» diýip atlandyrdy. Şu günki günde Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar, Türkmenistanyň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda bolsa hytaý dili işjeň öwrenilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow özara düşünişmegiň ýene-de bir nyşany boljak Hytaý Halk Respublikasynda türkmen diliniň öwrenilmegini guramaga ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Interwýuda atçylyk mowzugy aýratyn orun aldy. Gündogar senenamasy boýunça At ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri hytaý imperatorlaryna «asman» ahalteke bedewlerini sowgat bermek ýaly gadymy däbi belläp geçdi we hytaýly atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Parahatçylyk döredijilik wezipesi we ähliumumy jogapkärçilik
Halkara gün tertibine degip geçmek bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine berk ygrarlydygyny mälim etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman gapma-garşylyklarynda ýeňiji bolmaýandygyny nygtady we dünýä jemgyýetçiligini uruşlary alyp barmak üçin däl-de, eýsem olaryň öňüni almak üçin on esse köp tagalla etmäge çagyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpiniň howpsuzlyk we ösüş babatdaky ählumumy başlangyçlaryna ýokary baha berip, olaryň Türkmenistanyň Bitaraplyk ugruna doly laýyk gelýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman dünýäsinde HHR-iň ornuna baha berip: «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar» diýen çuňňur pikiri aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynyň doly teksti bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) saýtynda şu salgy arkaly tanyşyp bilersiňiz.
