
Dünýä şeýle tiz üýtgeýär. Eger “bagjyk stakanda” diýen söz size ene-ataňyzyň öýdedigini barlamagy ýatladýan bolsa, “widak” sözi bolsa “Titanik” ýazgysy bilen çeýnelen kasseta barada ýatladýan bolsa — diýmek siz millennial. Emma siziň üçin — “feýspalm”, “use” we täze “awa” adaty bolsa, onda siz 2000-nji ýyllaryň nesli, glamuryň altyn döwrüniň çagasy.
Emma şol “köne” ýyllary asla görmedikler näme etmeli? Kimler üçin “aska” diňe enäniň ady ýaly bolup görünýär, “diskaç” bolsa kompýuteriň doňmagy ýaly eşidilýär? Gutlaýarys, siz resmi taýdan ýaş we 90-njy hem-de 2000-nji ýyllaryň “ýaşaýyş mekdebini” geçmedik nesil!
Şonuň üçin size gyssagly “dikeldiş” gerek — “90 we 2000 hitleri” atly konsertine geliň! Bu konserti “Melodiýa” orkestri ýerine ýetirer.

Bu diňe nostalgiýa bolman, eýsem hakyky sazly detoks bolar. Biz meşhur stadion aýdymlarynyň hyjuwyny janly saz gurallarynyň güýji bilen birleşdireris. Maksatnamada — ýeriňde oturyp bolmajak güýçli miks: Şeriň meşhur kompozisiýalary, Britni Spirsiň pop-draýwy we Backstreet Boys-iň romantikasy. Şeýle hem diskotekalaryň şa topary Ruki Wwerh!-yň aýdymlary, hatda gizlin diňleýänleri hem bile aýtmaga mejbur eder. Elbetde, türkmen etno-jazzynyň altyn gaznasy — tutuş bir döwrüň nyşanyna öwrülen Güneş toparynyň gaýtalanmajak äheňleri hem bolar.
Bu ýatlamalary öz sesi we sahna özboluşlylygy bilen janlandyrjak aýdymçylar: Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Mustafa Ýagşyýew, Emir Baýramgeldiýew we Ogulgerek Soltanmyradowa. Internet kartlar bilen işleýän, Instagram filtrsiz döwründe ot-çöpleriň has ýaşyl bolan wagtlarynyň sazyny diňlemäge geliň.
Konsert 25-nji aprelde Watan kinokonsert zalynda geçiriler. Başlanjak wagty: 19:00
Bilet satyn almak üçin telefonlar: +99362822827, +99363049686
