Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişiniň köpçülikleýin başlanjak resmi senesini tassyklady. Bu jogapkärli möwsüm çarşenbe güni, 25-nji martda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda badalga alar.
Däp boýunça ilkinji bolup topraga tohumy halkyň hormatly ýaşululary taşlap, pagtaçy daýhanlaryň işine badalga bererler.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew tehniki serişdeleriň we tohum gaznasynyň doly taýyndygyny habar berdi. Şol bir wagtda welaýatlarda başga möhüm oba hojalyk işleri hem alnyp barylýar: bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi güýçlendirmek we ösüş suwaryşy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişleri içerki bazary üpjün etmek maksady bilen dowam etdirilýär.
