“Apple” kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk Hytaý bazaryna we üpjünçilik zynjyryna henizem oňyn garaýandygyny aýtdy, şeýle-de Hytaýyň sarp edişi ýokarlandyrmak üçin döwlet tarapyndan berilýän höweslendirmelerine ýokary baha berdi. Bu çäreler soňky aýlarda amerikan tehnologiýa ägirdiniň smartfon satuwlarynyň ep-esli artmagyna getirdi.
Kuk bu beýanaty anna güni Pekinde Hytaýyň söwda ministri Wan Wentao bilen duşuşygynda aýtdy.
“Her gezekki duşuşyklarymyzyň örän amaly häsiýete eýe bolandygy ýadymda. Biz käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk we örän açyk gürrüň etdik,” — diýip, Wan aýtdy.
Kuk çykyşynyň başynda Hytaýyň “Apple” üçin nähili möhüm bolandygyny — bazar hökmünde hem-de ählumumy üpjünçilik zynjyrynyň esasy hökmünde — aýratyn belläp geçdi.
“Hytaý henizem dünýä boýunça üpjünçilik zynjyrymyzyň aglaba bölegini düzýär, iň uly 100 üpjünçimiziň 80-si Hytaýda ýerleşýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda üpjünçilik zynjyryna goýlan umumy maýa goýumymyz 400 milliard boldy we bu görkeziji ýyllyk hasabat boýunça durnuklydyr,” diýip, Kuk aýtdy.
Habarlara görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan mart aýynyň başyna çenli Hytaýda “Apple” smartfonlarynyň satuwy 20 göterimden gowrak artdy. Duşuşygyň dowamynda Kuk Hytaýyň içerki sarp edişi höweslendirmek syýasatynyň ösüşde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.
“Soňky birnäçe aýda Hytaýda işlerimiz gowy boldy. Ýurtda sarp edişi goldaýan döwlet höweslendirmeleri üçin örän minnetdardyrys. Biz olaryň örän täsirli bolandygyna ynanýarys we netijelerden örän kanagatlanýarys,” — diýip, ol belledi. Ählumumy derejede näbellilikleriň we üpjünçilik zynjyrlarynyň üýtgeýän şertinde “Apple” öz maýa goýumlaryny Hytaýyň innowasiýa we durnukly ösüşe gönükdirilen ugruna laýyk getirýär. Kompaniýa bu bazaryň geljekde hem onuň üçin esasy bazar bolup galjakdygyna ynanýar.