
Andreessen Horowitz maýa goýum kompaniýasy «Dünýäniň iň gowy 100 AI hyzmaty» atly abraýly reýtingiň 6-njy neşirini çap etdi. Sanawa diňe bir çat-botlar däl, eýsem wideo, dizaýn we tekst bilen işlemek üçin niýetlenen amaly gurallar hem girizildi. Ýylyň esasy açyşy hökmünde rus işläp düzüjileriniň üstünlikleri görkezildi — olar dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary bilen bäsleşmegi başardylar.
Absolýut lider hökmünde ChatGPT galýar. Onuň görkezijileri haýran galdyrýar: bir ýylyň dowamynda ulanyjy sany 500 milliona artdy. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 10%-den gowragy bu hyzmaty hepdelik ulanýar.
Iň meşhur web-platformalar:
• ChatGPT we Google Gemini — çat-botlaryň arasynda liderler;
• Canva — dizaýn üçin aýrylmaz gural;
• DeepSeek we Grok — çalt ösýän alternatiw görnüşler.
Hakyky waka hökmünde «Ýandex Brauzer»-iň dünýäniň iň gowy mobil AI programmalarynyň ilkinji onlugyna girizilmegi boldy. Ol DeepSeek, Grok (Ilon Mask tarapyndan döredilen) hem-de Microsoft Copilot ýaly meşhur taslamalary yzda galdyrdy. Web-hyzmatlar kategoriýasynda bolsa «Sber»-iň GigaChat ýokary orun eýeläp, dünýä reýtinginde 48-nji ýerde ýerleşdi.
Durmuşymyzy üýtgedýän 3 esasy trend:
Professional çemeleşme: Ulanyjylar hil üçin tölemäge taýýar. Claude hyzmaty çylşyrymly meseleler we hünärmenlere gönükdirilendigi sebäpli iň girdejili boldy.
Wideo döwri: Bir ýylyň dowamynda wideo döredýän neýrotorlaryň ösüşi uly öňegidişlik gazandy — Kling AI, Hailuo we Pixverse.
AI hemme ýerde: Tehnologiýalar täsin zat bolmakdan çykdy. Indi emeli aň bellikleriňizde, e-poçtaňyzda we bulut ammarlarynda ýerleşdirilip, işi duýdansyz tizleşdirýär.
Reýting şuny görkezýär: AI ulgamy diňe güýmenje çäklerinden çykyp, ýüzlerçe million adam üçin doly derejeli iş guralyna öwrüldi.
ORIENT