Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran sapary 19-njy martda Pekindäki «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp görmegi bilen tamamlandy. Bu sapar umumy medeni gymmatlyklaryň we atçylyk pudagyndaky köpasyrlyk däp-dessurlaryň döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň binýady bolup hyzmat edýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we akademiki toparlaryň wekilleri garşyladylar. Olar Halk Maslahatynyň Başlygynyň ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryny aýratyn bellediler. Saparyň hormatyna guralan dabarada hytaý halk saz gurallarynda türkmen we hytaý milli sazlary ýaňlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly sazandalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.
Toplumy bilen tanyşlyk pursatynda däp-dessurlaryň dowamatlylygyna aýratyn üns berildi. Hytaýly hünärmenler Hytaý Halk Respublikasynda ahalteke atlarynyň köpeldilmeginiň doly derejede türkmen milli usullary esasynda alnyp barylýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa, bu ajaýyp tohumyň arassalygyny saklamagyň esasy şerti bolup durýar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine hytaý tohum itleri görkezildi, bu bolsa Türkmenistanda milli itşynaslygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boldy. Umumadamzat medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen türkmen alabaýy şu günki günde döwletiň aýratyn howandarlygyndadyr, ony köpeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli ylmy işler bolsa halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygyň esasy wakasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow 12 ýyl mundan ozal, özara dostlugyň nyşany hökmünde HHR-iň Başlygy Si Szinpine sowgat berlen ahalteke bedewiniň şol geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady. Şu gezekki saparyň dowamynda hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hytaý tarapyna Gadyrly atly ýene bir ajaýyp bedew sowgat berildi.
«Asman» atlarynyň watanynda bu pudagyň ösdürilişi barada gürrüň berip, Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bina edilendigini belläp geçdi. Bu günki günde bu ýerde ýüzlerçe talyp bilim alyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny dünýä derejesinde meşhur eden ussatlygyň inçe syrlaryny öwrenýärler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hytaýly kärdeşlerini şu ýylyň aprel we sentýabr aýlarynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara hem-de ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Tamamlanan bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze möhüm sahypany açyp, ýurtlaryň özara hormat goýmak we umumy bähbitler esasynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan maksatlaryny tassyklady.
