«International Ltd.» Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy öz zerurlyklary üçin ulag serişdelerini satyn almak boýunça № CIT-26003-MR belgili tenderi (Lot-1, 2026 ý.) yglan edýär.
1. Esasy maglumatlar
Tender belgisi: CIT-26003-MR
Satyn alyşyň ady: «2026-njy ýylda ulag serişdelerini üpjün etmek, Lot-1»
Guramaçy: «International Ltd.» Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy
Arza tabşyrmagyň möhleti: 18.03.2026 — 24.03.2026 - şol gün hem (habar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 7 senenama güni).
Maksat: şahamçanyň awtoulag parkyny kompaniýanyň tehniki we ulanyş talaplaryna laýyk gelýän ulag serişdeleri bilen üpjün etmek.
2. Tenderiň predmeti
Guramaçy tarapyndan tassyklanan spesifikasiýa laýyklykda ulag serişdelerini üpjün etmek. Ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary, komplektasiýasy, eltip bermek möhletleri we kepillik hyzmaty boýunça giňişleýin talaplar kwalifikasiýadan öňki tapgyry geçen gatnaşyjylara hödürlener.
3. Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar
Tenderde gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýuridiki şahslar çagyrylýar:
• Soňky 3 ýylyň dowamynda ulag serişdelerini üpjün etmek boýunça tassyklanan tejribä eýe bolmak
• Kompaniýa we onuň esasy işi barada doly hem ygtybarly maglumatlary hödürlemek
• Ýerli kompaniýalar üçin — Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň hereket edýän şahadatnamasynyň bolmagy
4. Gatnaşmak üçin arzanyň düzümi
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
• Tenderde gatnaşmak üçin doldurylan we gol çekilen arza (forma haýyş boýunça berilýär)
• Kompaniýa barada gysgaça maglumat: doly ady, ýuridiki salgysy, bank rekwizitleri; esasy işiniň beýany; esasy taslamalar we gazanylan üstünlikler barada maglumat.
• Üpjünçilik tejribesini tassyklaýan resminamalar (şertnamalar, ýerine ýetirilen işler baradaky aktlar, müşderileriň seslenmeleri we ş.m.)
• Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamasy (ýerli kompaniýalar üçin)
5. Resminamalary tabşyrmagyň we resmileşdirmegiň tertibi
Öňünden saýlama (predkwalifikasiýa) resminamalary şu talaplara laýyklykda taýýarlanmaly:
• rus we iňlis dillerinde (iki dilli görnüşde) taýýarlanmaly;
• tikilen, sahypalary belgilenen we guramanyň möhüri bilen tassyklanan bolmaly;
• daşky bellikleri bolan berk ýapyk bukja salynmaly:
• Guramaçynyň ady;
• iberijiniň maglumatlary;
• tenderiň belgisi we ady (№ CIT-26003-MR, «2026-njy ýylda ulag serişdelerini üpjün etmek, Lot-1»);
• 2 nusgada ugradyş hat bilen (1 asyl we 1 nusga) üpjün edilmeli;
• ähli resminamalaryň elektron görnüşi (skaner edilen doly toplum) bukja goşulmaly
6. Resminamalary tabşyrmak üçin salgy
Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmak üçin: Şasoltan Hasanowa
Tel.: +993-12-44-52-00 (goşmaça 5701)
Faks: +993-12-44-50-44
7. Bellik
24.03.2026-dan soň tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Doly däl ýa-da nädogry resmileşdirilen arzalar goşmaça duýduryşsyz ret edilýär.
Tenderiň şertleri boýunça düşündiriş soraglary ýazmaça görnüşde görkezilen salgy ýa-da telefon arkaly kabul edilýär.
ORIENT
