
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy energetika, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ugurlary boýunça MEDEA 2026/2027 magistr maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilýändigini yglan edýär.
Maksatnama Eni kompaniýasynyň Korporatiw uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar we "Eni"-niň golçur kärhanasy bolan Enriko Mattei mekdebi tarapyndan Pawia uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Ol energetika we daşky gurşaw ugurlarynda işleýän kompaniýalarda, döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda hünär taýdan ösmegi maksat edinýän ýaş uçurymlar üçin niýetlenendir.
Okuw üç tapgyrdan ybarat bolup, ykdysadyýetiň esaslary, energetika pudagynda üpjünçilik zynjyrlary, ekologiýa meseleleri, şeýle hem energetika pudagynyň dolandyryş we maliýe ugurlary ýaly giň dersleri öz içine alýar. Jemleýji tapgyrda taslama işi göz öňünde tutulýar.
Okuw ýyly 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda başlap, 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder. Okuwlar Italiýanyň San-Donato-Milanese şäherindäki "Eni"-niň Korporatiw uniwersitetinde gündizki görnüşde, iňlis dilinde alnyp barylýar. Şeýle hem 2026-njy ýylyň tomsunda italýan dili boýunça onlaýn intensiw okuw meýilleşdirilýär.
Maksatnamany üstünlikli tamamlanlara magistr diplomy berilýär.
Esasy talaplar:
• ykdysadyýet, inženerçilik, matematika, fizika, himiýa, geologiýa, statistika, hukuk, syýasaty öwreniş ýa-da halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesi;
• ýaşy 32-den uly bolmaly däl (doglan senesi — 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýa-da soňrak);
• iňlis dilini gowy bilmek.
Zerur resminamalar:
• şahsy maglumat (CV);
• içerki we daşary ýurt pasportlarynyň nusgalary (okuw döwrüniň dowamynda hereket edýän bolmaly);
• diplom we onuň goşundylary (iňlis diline terjime edilen);
• harby bilet;
• iňlis dili derejesini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa).
Arza tabşyrmagyň möhletleri:
Başlanýan senesi: 2026-njy ýylyň 18-nji marty
Tamamlanýan senesi: 2026-njy ýylyň 5-nji apreli
Habarlaşmak üçin:
Arzalar şu elektron poçta salgysyna iberilýär: etl.jobs@eni.com
ORIENT