Gruziýanyň paýtagtynyň taryhy merkezi bolan Abanotubani meşhur ýadygärliklerinde Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Tbilisi şäher häkimliginiň goldawy bilen Gündogaryň medeni köpdürlüligi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň ilçihanalaryny hem-de ýerli diasporalary birleşdirdi.

Türkmen ekspozisiýasy özboluşly däp-dessurlaryň dünýäsi bilen tanyşdyrýan penjiresine öwrüldi. Baýramçylyga gatnaşan myhmanlar halyçylyk sungaty bilen tanşyp, milli şaý-sepleriň we milli egin-eşikleriň nepisligine baha berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary tanyşdyryldy, suratlar, sowgatlyk önümler, milli tagamlar we süýjülikler hödürlenildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan stende aýratyn üns gönükdirildi. Bu şygar ýurdumyzyň depginli ösüşiniň we öz köklerine bolan wepalylygynyň nyşany boldy. Medeniýetara dialogyň janly nusgasyna öwrülen baýramçylyk joşgunly konsert bilen jemlendi. Onda türkmen sazlary gadymy şäheriň ýazky ruhy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Nowruz ýene-de bir gezek medeni alyş-çalyş halklaryň jebisligi üçin iň ygtybarly esas bolup, geçmiş bilen geljegi ynsanperwerligiň aýrylmaz baglanyşygy arkaly birleşdirýändigini subut etdi.
