
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Aşgabadyň 74-nji synag inklýuziw mekdebine baryp gördüler. Saparyň maksady ýurtda inklýuziw bilimiň nähili ornaşdyrylýandygyny öwrenmek boldy.
Saparyň dowamynda myhmanlar mekdebiň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdylar. Taraplar okuwçylara deň mümkinçilikleri üpjün etmekde gazanylan ösüşleri we esasy kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ilçi we ÝUNISEF-iň wekili sapaklara gatnaşyp, okuw prosesiniň nähili guralýandygyn gördüler.
Çäre «Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli we inklýuziw mekdepler» atly taslamanyň çäginde geçirildi. Bu başlangyç Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan halkara ösüş agentligi (UK International Development) arkaly maliýeleşdirilýär.
Taslama maýyplygy bolan çagalaryň ýokary hilli bilim almagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu işde aýratyn üns şu aşakdakylaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyga berilýär:
• mugallymlar we mekdep ýolbaşçylary;
• okuwçylaryň maşgalalary;
• dürli ulgamlardan bolan hyzmatdaşlar.
Şeýle saparlar döredilýän inklýuziw gurşawyň netijeliligini bahalandyrmaga hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berýär.
ORIENT