Hytaýyň günortasyndaky tropiki adada ýerleşýän Haýnan welaýatynda geçiriljek nobatdaky 6-njy Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergisi (CICPE) alty sany esasy ösýän sarp ediş bazaryna bagyşlanar. Şonuň bilen bir wagtda, Haýnan erkin portunda Ählumumy senagat maýa goýumlary atly ikinji maslahaty hem geçiriler. Welaýatyň ykdysady we söwda edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, bu maslahatyň çäginde ulgamlaşdyrylan)mahabat maksatnamasy işlenip düzüler.
Resmi taýdan 6-njy Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergisi 13-18-nji aprel aralygynda Haýnan welaýatynyň merkezi Haýkou şäherinde meýilleşdirildi. Ol dünýäniň dürli künjeklerinden ýokary hilli sarp ediş serişdelerini, meşhur kärhanalary, şeýle hem ýurduň içinden we daşary ýurtdan alyjylary hem-de satijylary birleşdirýän meýdança hökmünde görkeziler. Esasy üns ilkinji gezek tanyşdyrylýan önümlere we degişli çärelere, şol sanda täze önümleriň tanyşdyrylyşyna hem-de halkara moda hepdeliklerine berler.
Welaýatyň wekilleriniň metbugat maslahatynda aýtmagyna görä, sergi maksatnamasy we oňa degişli çäreler Hytaýyň sarp ediş bazaryndaky soňky meýilleri nazarda tutup, örän üns bilen taýýarlandy. Onda ýurtda sarp edişi döwrebaplaşdyrmaga ýardam berýän mümkinçilikli we ösýän sarp ediş ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi.
«Serginiň bezegine degişli çäreler barada aýtsak, biz sarp edişiň alty sany täze görnüşine — ekologiýa, intellektual tehnologiýalara, saglygy goraýyşa, sanlylaşdyrmaga, intellektual eýeçilige we medeni syýahata üns berdik. Bu bolsa tehnologik ösüşi, pudagara integrasiýany we hyzmat edişiň hilini ýokarlandyrmagy öz içine alýan täze sarp ediş ssenariýalarynyň, işewürlik formatlarynyň we modelleriniň umumy keşbini görkezmäge mümkinçilik berer» — diýip, Haýnan welaýatynyň Halkara ykdysady ösüş býurosynyň baş ykdysatçysy we metbugat sekretary Sžen Žun aýtdy.
Sarp edijilere gönükdirilen Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergileri bilen bir hatarda, 2-nji Haýnan ählumumy senagat maýa goýumlary maslahaty hem geçiriler. Ol dünýäniň dürli künjeklerinden geljek kärhanalar üçin anyk netijeleri üpjün edýän ulgamlaşdyrylan çäreler toplumy bolup, ählumumy senagat we söwda hyzmatdaşlygy üçin ýöriteleşdirilen meýdança öwrüler.
«Maslahatyň wagtynda we netijeli geçmegini üpjün etmek üçin biz “1+12+N” formatyny saýlap aldyk: bu 1 sany toplumlaýyn mahabat maslahatyny, biziň mümkinçilikli pudaklarymyz, şol sanda biomedisina, çuňňur deňiz amallary, aerokosmos pudagy we ekologiýa taýdan arassa pes uglerodly tehnologiýalar üçin 12 sany aýratyn mahabat çäresini, şeýle hem ýyl boýy dowam etjek maýa goýumlary çekmek we söwdany ösdürmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Siziň kärhanaňyz Hytaýda ýa-da daşary ýurtda ýerleşýändigine garamazdan, biz size hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri dörederis» — diýip, Haýnan welaýatynyň Täjirçilik departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Li Çžipin aýtdy.
“CICPE” — Hytaýyň ýeke-täk ählihalk sarp ediş harytlary sergisidir we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde öz görnüşi boýunça iň irisidir. Ol hem ýerli we daşary ýurtly ýokary hilli sarp ediş harytlaryny görkezmek üçin esasy meýdança, hem-de Hytaýyň ýokary derejeli açyklyk ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýän esasy “penjiredir”.
Şu ýyl Kanada hormatly myhman, Şanhaý bolsa “hormatly welaýat” hökmünde çykyş eder. Esasy meýdança Haýnan halkara kongresler we sergi merkezi bolar, şeýle hem Sanýa we Boao şäherlerinde iki sany goşmaça meýdança guralar, alyjylar üçin bolsa ýeke-täk hyzmat ediş merkezi işlär.