Ýekşenbe güni Pariždäki Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) ştab-kwartirasynda Hytaýyň we ABŞ-nyň wekiliýetleriniň arasynda ykdysady we söwda meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi.
Şenbe gününden sişenbe gününe çenli Fransiýanyň paýtagtynda bolýan hytaý wekiliýetine wise-premýer, şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy He Lifen ýolbaşçylyk edýär.
Hytaýyň CGTN teleýaýlymynyň wakanyň bolup geçýän ýerindäki habarçysynyň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň ilkinji gününde geçirilen ýapyk duşuşyk takmynan 6,5 sagat dowam etdi we onuň aýratynlyklary häzirlikçe aýan edilmeýär.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň anna güni beren beýanatynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Pusan şäherinde geçirilen duşuşykda we öňki telefon gepleşiklerinde gazanylan möhüm ylalaşyklaryna laýyklykda taraplaryň özara gyzyklanma döredýän ykdysady we söwda meseleleri boýunça geňeşmeleri dowam etdirjekdigini aýtdy.