Türkmenistanyň Küşt federasiýasy 22-28-nji mart aralygynda geçiriljek Küşt boýunça Türkmenistanyň toparlaýyn çempionatynyň yglan edilýändigini habar berýär. Bu ýurdumyzyň küşt taryhynda uly waka: şeýle ýaryşyň soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda ilkinji gezek geçirilýär.
Ýaryş barada
Ýaryşyň maksady — küştüň toparlaýyn görnüşini wagyz etmek we dürli guramalarydyr kompaniýalary küşt hereketine çekmekdir. Çempionat diňe bir professional oýunçylar üçin däl, eýsem, Federasiýanyň ähli küşt muşdaklaryny hem bu üýtgeşik ýaryşa gatnaşmaga we ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri bilen güýç synanyşmaga çagyrýar.
Çempionatyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň adyndan halkara giňişliginde — dünýä we Aziýa toparlaýyn çempionatlarynda wekilçilik etmek hukugy berler.
Mundan başga-da, kompaniýalaryň we hususy guramalaryň arasyndaky iň güýçli topary tapawutlandyrmak üçin «Hususy pudagyň iň gowy topary» diýen ýörite barýak hem göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy toparlaýyn küşti ulgamlaýyn ösdürmek we ýaryşa gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak üçin bu ýaryşlary her ýyl geçirmegi meýilleşdirýär.
Düzgünnama we toparlaryň düzümi
Wagta gözegçilik: Her oýunça döwüň ahyryna çenli 90 minut berilýär we birinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekunt goşulýar.
Toparyň düzümi:
• 6 sany esasy oýunçy: 1–4-nji tagtalar — açyk (islendik oýunçy), 5-nji tagta — zenan oýunçy, 6-nji tagta — 20 ýaşyna ýetmedik oýunçy (2006-njy ýylda we ondan soň doglanlar); • 1 sany kapitan (oýunçy däl); • 3 sany ätiýaç oýunçylar.
Möhüm: Toparyň düzümine «legionerleri» — islendik oýunçyny, şol sanda topary hödürleýän gurama bilen göni baglanyşygy bolmaly däl oýunçylary hem goşmaga rugsat berilýär.
Utuklary hasaplamagyň ulgamy: ýeňiş — 2 utuk, deňme-deňlik — 1 utuk, ýeňliş — 0 utuk (tagtalardaky hasaba garamazdan).
Ýaryşlaryň häzirki ýagdaýy
Şu günki güne çenli 5 topar ýaryşa gatnaşjakdygyny tassyklady. Ýaryşda ýene 3 topar üçin ýer bar — pursat barka goşulyň!
Eger siz öz toparyňyzy hödürlemek ýa-da bar bolan toparlaryň birinde oýnamak isleseňiz, bu ýurduň iň güýçli küştçüleri bilen güýç synanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir, munuň özi seýrek duş gelýän pursatdyr. Gatnaşmak üçin ähli soraglar boýunça göni guramaçylara ýüz tutup bilersiňiz.
Şeýle hem, bu taryhy ýaryşyň baş hemaýatkäri bolmak we ýurduň küşt jemgyýetçiliginde giňden tanalmak mümkinçiligi hem açykdyr.
Hasaba alyş
Gatnaşmak üçin arzalary kabul edişligiň möhleti — 20-nji marta çenli (şol gün hem degişli). Hasaba alyş işleri ýaryşyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen QR-kody, https://bit.ly/klubtkm salgysy arkaly ýa-da guramaçylar bilen habarlaşmak arkaly amala aşyrylýar.
Telefon belgileri
+993 61292843
+993 61320322
tkmchess@gmail.com
www.tkmchess.com.tm
TikTok / Instagram: tkm_chess
