
Brýussel şäherinde Praga Prosesiniň çäginde zähmet migrasiýasy meselelerine bagyşlanan iki günlük halkara seminar geçirildi. Çärä degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalar we Ýewropa komissiýasy hem-de Halkara migrasiýa syýasatyny ösdürmek merkezi ýaly Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady zähmet we kanuny migrasiýany dolandyrmak boýunça häzirki zaman ugurlary hem-de amaly gurallary barada maslahatlaşmak, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak boldy.
Seminara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Tematiki sessiýalaryň we tegelek stol duşuşyklarynyň dowamynda türkmen tarapy migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy. Şeýle hem migrasiýa dolandyryş ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga we sanly çözgütleri ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda migrasiýa infrastrukturasyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Munuň çäginde elektron hyzmatlaryň ösdürilmegi, pudagara hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegi we döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyşmagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýaly ugurlar aýratyn bellenildi. Bu çäreler düzgünleriň açyklygyny üpjün etmäge, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de migrasiýa prosesleriniň dolandyrylyşyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Maslahatlaşmalaryň barşynda bilermenler we gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynyň institusional ösüş derejesine oňyn baha berdiler. Şeýle hem milli ulgamyň ýokary derejede içerki utgaşyklylygy bilen tapawutlanýandygy, degişli edaralaryň arasynda maglumat alyşmagyň çaltlygy bolsa migrasiýa ulgamyndaky häzirki zaman kynçylyklaryna netijeli jogap bermäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.
Seminar kanuny zähmet hereketliligi üçin mümkinçilikleri döretmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de hünärleriň ykrar edilmegi boýunça gurallary kämilleşdirmek meseleleri boýunça hünär derejesindäki dialog üçin meýdança boldy. Gatnaşyjylar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we migrasiýany dolandyrmak babatda iň gowy tejribeleri alyşdylar.
Türkmenistan Ýewropa ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmegi goldaýar. Munuň özi öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmaga hem-de milli migrasiýa syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam berýär.