Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna agza ýurtlary (CAREC) üçin täze nesil serhet geçelgelerini ösdürmek (Developing New Generation Border Crossing Points) boýunça sebit taslamasyna garaýar. Bu taslama Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Hytaý, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar diýip, Trend agentligi bankyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Taslamanyň maliýeleşdirilmeginiň 1 million ABŞ dollary möçberindäki Ýörite tehniki kömek gaznasy arkaly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Taslama CAREC ýurtlaryna howa şertleriniň täsirlerine durnuklylygy üpjün edýän we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna esaslanýan täze nesil serhet geçelgelerini işläp taýýarlamakda goldaw bermäge gönükdirilendir.
Taslamanyň çäklerinde birnäçe ileri tutulýan serhet geçelgeleri boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylar. Olar tehniki-ykdysady esaslandyrmalar, giňişleýin ekspertiza hem-de taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy öz içine alýar. Şeýle hem taslama CAREC ýurtlarynyň serhet geçelgelerini ösdürmek we dolandyrmak ukybyny güýçlendirmek boýunça çäreleri hem göz öňünde tutýar.
Taslamanyň amala aşyrylmagy serhetden geçiş nokatlarynda infrastruktura we amallary kämilleşdirmäge, şeýlelikde CAREC ulag torunyň ugrunda söwda üçin sarp edilýän wagt we çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer. Serhet geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirip hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edip, başlangyjyň esasy netijesi bolar.
