Microsoft korporasiýasy Copilot Health atly innowasion guraly hödürledi. Bu emeli aňyň esasynda işleýän şahsy kömekçi bolup, ol çylşyrymly lukmançylyk maglumatlaryny seljerip, olary ulanyjy üçin düşnükli dilde düşündirip bilýär. Hyzmat lukmanlaryň ýazyp beren görkezmelerini, analiz netijelerini düşündirip hem-de şahsy maslahatlary berip bilýär.
Copilot Health hyzmatynyň esasy aýratynlygy — dürli çeşmelerden gelen maglumatlary birleşdirip bilmegidir. Ulanyjynyň razylygy bilen ulgam elektron lukmançylyk kartlaryndaky maglumatlary, derman kabul edilişi baradaky ýazgylary hem-de Apple Watch ýa-da Fitbit ýaly geýilýän enjamlardan gelýän görkezijileri birleşdirýär. Şol maglumatlaryň esasynda emeli aň alamatlary gözegçilikde saklamaga kömek edýär we adamyň saglyk ýagdaýyna laýyk maslahatlary berýär.
Maglumatlaryň howpsuzlygy hyzmat döredilende esasy ileri tutulýan ugur boldy. Ulanyjylaryň lukmançylyk maglumatlary ygtybarly şifrlenýär we Copilot-yň umumy çatlaryndan doly aýry saklanýar. Şahsy maglumatlary goramak üçin CLEAR hyzmaty arkaly berk identifikasiýa we maglumatlary geçiriş wagtynda şifrlemek ulanylýar.
Möhüm tarapy, ýazgylar taryhy we lukmançylyk maglumatlary Microsoft kompaniýasynyň neýro torlaryny taýýarlamak üçin ulanylmaýar. Ulanyjylar öz maglumatlarynyň doly gözegçiligini saklaýarlar: lukmançylyk maglumatlaryny islän wagtda redaktirläp ýa-da düýbünden pozup bolýar.
Täze hyzmat aýratyn hem yzygiderli gözegçiligi talap edýän dowamly keselleri bolan adamlar üçin peýdaly bolar. Gural eýýäm 50 müňden gowrak hassahanalaryň we barlaghanalaryň maglumatlary bilen integrirlenildi. Taslamanyň işe goýberilmegi ilki bilen ABŞ-da tapgyrlaýyn başlar, soňra bolsa beýleki ýurtlara giňeldilip, goşmaça mümkinçilikler üçin tölegli abuna girizmek meýilleşdirilýär.
