«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy nasos blogyna wagtlaýyn eýelik etmek we ondan peýdalanmak (kireýine almak), şeýle hem onuň ulanylyş döwründe doly tehniki hyzmaty we abatlaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça №2026/14 belgili tenderi yglan edýär.
Neşir edilen senesi: 12.03.2026 – 27.03.2026
Gatnaşmak şertleri
Arza tabşyrmak: Arzany şu elektron salgysyna ibermeli: KhalilulinBS@tatneft.tatar
Arza gatnaşyjynyň resmi blankasynda taýýarlanyp, şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna iberilmeli, ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilip, möhür bilen tassyklanmaly. Arzada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilmeli.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Tehniki tabşyryk
Arza tabşyrylandan soň gatnaşyjylara görkezilen elektron poçta arkaly tehniki tabşyryk iberiler.
Tender teklibiniň görnüşi
Tender teklipleri PDF formatyndaky elektron faýllar görnüşinde, şeýle hem Excel formatynda gaýtalanan görnüşde iberilmeli we RAR formatynda arhiwlenmeli. Faýllar iň azyndan 8 simwoldan ybarat açar sözi bilen goralan bolmaly.
Tabşyrmagyň möhleti
Teklipler «Nebit-Gaz» gazetinde we www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 iş günüň dowamynda kabul edilýär. Soňky möhlet — 10-njy iş gününiň sagat 18:00-yna çenli (ýerli wagt). Bu möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Goşmaça maglumat üçin aragatnaşyk
Guramaçylyk meseleleri: MTO inženeri — +993-65-83-18-99
Tehniki meseleler: baş mehanik — +993-62-74-18-80
ORIENT
