Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän näbelliliklere garamazdan, daşary ýurt kompaniýalary we maýadarlary üçin Hytaý möhüm maýa goýum ugry bolup galýar. Bu barada Günorta Hytaýdaky Amerikan Söwda Palatasy (AmCham South China) tarapyndan çap edilen “2026-njy ýylda Günorta Hytaýda işewürligiň ýagdaýy” atly ýörite hasabatda aýdylýar.
Geçirilen sowal-jogap işleriniň netijelerine görä, oňa gatnaşan kompaniýalaryň 95 göterimi Hytaýda işini dowam etdirmäge ygrarlydygyny mälim etdi. Şeýle hem kompaniýalaryň 45 göterimi Hytaýy iň möhüm maýa goýum ugry hökmünde görkezdi, bu bolsa 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim köpdir. Sowal-jogap çäresine gatnaşan kompaniýalaryň 75 göterimi 2026-njy ýylda Hytaýa gaýtadan maýa goýmagy meýilleşdirýär.
2025-nji ýylda sowal-jogap çäresine gatnaşan kompaniýalaryň 37 göterimi, dünýä boýunça umumy girdejisiniň 60 göterimden gowragynyň Hytaý bazaryndan gelýändigini habar berdi.
Hasabatda görkezilişine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň 91 göterimi söwda dartgynlyklaryna garamazdan Hytaýdan “daşlaşmak” niýetleriniň ýokdugyny mälim etdi. Sowal-jogap çäresine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň we Ýewropanyň jemi 426 sany kompaniýasy gatnaşdy. Hytaýyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäheri sowal-jogap çäresine gatnaşanlaryň 38 göterimi tarapyndan bassyr dokuz ýyl bäri ýurduň iň özüne çekiji maýa goýum merkezi hökmünde görkezilýär.