Mart aýynyň birinji ongünligi Türkmenistanyň çäginiň uly böleginde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem pes temperatura bilen häsiýetlendirildi. Howanyň ortaça temperaturasy howa kadasyndan 1,4° pes boldy. Aýyň birinji ongünligi üçin ortaça kadaly temperatura 8,9° bolmaly bolsa, hakykatda bu görkeziji 7,5° boldy. Bu barada Meteožurnal habar berýär.
On günüň diňe biri howa kadasyndan maýyl boldy, dört gün temperatura kadaly görkezijilere laýyk geldi, bäş gün bolsa kadadan pes boldy.
Iň güýçli sowama 9–10-njy martda hasaba alyndy. Şol günlerde sebite arktik howa agramy aralaşdy. Bu döwürde ortaça gije-gündizlik temperaturasy kadadan 5,2–5,6° pes boldy.
Mart aýynyň ilkinji on gününde iň ýokary temperatura +18,8° boldy. Iň pes temperatura bolsa 10-njy martda hasaba alnyp, –1,6° boldy.
Soňky on ýylyň gözegçilik taryhyna görä mart aýynda soňky aýazlaryň seneleri şeýle paýlanýar:
2025-nji ýyl — 4-nji mart
2024-nji ýyl — 4-nji mart
2023-nji ýyl — mart aýynda aýaz bolmady
2022-nji ýyl — mart aýynda aýaz bolmady
2021-nji ýyl — 15-nji mart
2020-nji ýyl — 8-nji mart
2019-njy ýyl — mart aýynda aýaz bolmady
2018-nji ýyl — 9-njy mart
2017-nji ýyl — 11-nji mart
2016-njy ýyl — mart aýynda aýaz bolmady.
Şeýlelikde, ýagdaýlaryň takmynan 40%-inde mart aýynda aýazlar düýbünden hasaba alynmady, diňe iki ýagdaýda bolsa olar 10-njy martdan soň ýüze çykdy.
Aýyň birinji ongünlüginde ýagynly günleriň sany hem ep-esli boldy, emma ýagyşlar köplenç az möçberde boldy — 12 sagadyň dowamynda 0,4–2 mm. Diňe iki ýagdaýda şol döwürde degişlilikde 3 we 4 mm ýagyn ýagdy. Umuman aýdanyňda, ongünlükde 12,4 mm ýagyn hasaba alyndy.
Howa hadysalarynyň arasynda howa hünärmenleri şu ýylyň ilkinji ýyldyrym hadysasynyň 3-nji martda Aşgabatda bolandygyny hem bellediler. Şol gün doly hem hasaba alyndy, 6-njy martda bolsa görüjiligi takmynan 500 metr bolan duman hasaba alyndy.
