
2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» habarlar portalynda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmäge niýetlenen dersler (70 sany wideo ders) ýerleşdirildi.
Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda amala aşyrylýar. Okuw materiallary Türkmenistanyň milli okuw maksatnamasyny göz öňünde tutup, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan döwlet umumybilim berýän mekdepleri üçin taýýarlanyldy.
Wideo dersler oýun görnüşinde taýýarlanan rus dili boýunça didaktiki material bolup durýar. Olaryň mazmuny rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmekde leksiki-grammatiki endikleri kemala getirmäge we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary we psihologik ýagdaýlary göz öňünde tutulýar. Her dersiň dowamlylygy 10–15 minutdan geçmeýär, bu bolsa okuw prosesinde saglygy goramaga gönükdirilen çemeleşmä laýyklykda kesgitlenendir.
Dersleriň mazmuny Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus dili boýunça öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Wideo dersleriň düşürilişinde mugallym hökmünde pedagog hem-de professional teleýaýlym alyp baryjysy A. S. Morozowa gatnaşdy. Wideo dersleriň ýazgysy D. S. Mendeleýew adyndaky «Kwantorium» Mugallymçylyk tehnologiýalar parkynyň studiýasynda alnyp baryldy.
Okuw wideolarynyň we olaryň mazmunlarynyň seljerilmegi Russiýanyň federal döwlet býujet ýokary okuw mekdepleri — A. I. Gersen adyndaky Russiýanyň döwlet mugallymçylyk uniwersiteti hem-de Moskwanyň döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan amala aşyryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdepleriniň beýleki synplary üçin hem şuňa meňzeş wideo dersleri taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Okuw dersleri şu salgydan elýeterlidir: www.turkmenistaninfo.gov.tm/ru/course