
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeldýär. Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy boýunça uniwersitetiň iki talyby — Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow — bäş aýlyk okuw kursy üçin Italiýa ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Kabul edýän uniwersitet hökmünde Kýeti we Peskara şäherlerinde ýerleşýän G. d’Annunzio Uniwersiteti boldy. Bu sapar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda talyplaryň alyş-çalyş tejribesi hökmünde ilkinji bolup, Türkmenistanyň we Italiýanyň ylym-bilim gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.

Maksatnama geljek hünärmenlere hünär taýdan ösüş üçin özboluşly mümkinçilikleri hödürleýär. Talyplar diňe Ýewropa bilim standartlaryny öwrenmek bilen çäklenmän, halkara syýasaty we diplomatiýa ugurlarynda gymmatly amaly tejribe alýarlar. Halkara gurşawda bolup, ýaşlar daşary ýurt dillerini kämilleşdirip, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deňduşlary bilen ylmy gatnaşyklary gurýarlar.
Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurduň dünýä derejesindäki hünärmenleri taýýarlamak üçin giň gerimli bilim syýasatynyň netijesidir. Alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak türkmen ýaşlarynyň halkara meýdançada milli bilim ulgamyna mynasyp wekilçilik etmegine we öňdebaryjy daşary ýurt merkezleriniň tejribesini öwränmegine mümkinçilik berýär.
ORIENT