13-nji martda türkmenistanly talyplar üçin ilkinji gezek “Hytaýda bilim almak” atly HSK ýokary bilim sergisi onlaýn görnüşde geçiriler. Çäre ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Zoom platformasynda geçiriler we bu çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar. Bu barada ilçihana sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi.
Sergä Hytaýyň öňdebaryjy alty uniwersiteti gatnaşar: Pekin uniwersiteti, Şanhaý ulag uniwersiteti, Pekin tehnologiýa instituty, Harbin inženerçilik uniwersiteti, Lançžou ulag uniwersiteti we Guýçžou uniwersiteti. Her bir ýokary okuw mekdebine 30 minut wagt berler. Şol wagtyň dowamynda talyplar üçin niýetlenen talyp haky maksatnamalary, taýýarlyk ugurlary, okuw we ýaşaýyş şertleri, şeýle hem kampuslaryň infrastrukturasy barada maglumat berler.
Ähli çykyşlar rus dilinde geçiriler. Tanyşdyryş çykyşlaryndan soň gatnaşyjylar göni ýaýlymda uniwersitetleriň wekillerine öz soraglaryny berip bilerler.
Onlaýn sergä gatnaşmak mugt bolup, gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär. Sergä Zoom arkaly şu maglumatlar boýunça goşulyp bolýar:
ID: 545 492 5555
Giriş kody: HSK2026
