Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 11-nji martyndan başlap Stambul — Ýerewan ugry boýunça yzygiderli uçuşlary täzeden ýola goýdy. Uçuş maksatnamasy ýolagçy islegine baglylykda tapgyrlaýyn giňeldiler.
Ilkinji tapgyrda awiakompaniýa hepdede ýedi uçuş amala aşyrýar. 14-nji maýdan başlap olaryň sany on uçuşa çenli artar, 15-nji iýundan bolsa kompaniýa günde iki uçuşa — hepdede 14 uçuşa geçmegi meýilleşdirýär.
Agşamky TK358 gatnawy Stambuldan ýerli wagt bilen sagat 21:45-de uçup, gijeki TK360 gatnawy bolsa sagat 02:00-da amala aşyrylar. Tomusky tertibe geçiş 29-njy martda meýilleşdirilýär. Şäherleriň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy takmynan üç sagat bolar.
Turkish Airlines Star Alliance halkara awiasiýa bileleşiginiň agzasy bolup durýar. Awiakompaniýa 1933-nji ýylda bäş uçardan ybarat düzüm bilen döredildi. Häzirki wagtda onuň düzüminde 519 howa gämisi bar, ugur torunyň çäkleri bolsa dünýäniň 132 ýurdunda ýerleşýän 356 ugry öz içine alýar. Şolaryň 303-si halkara, 53-si bolsa içerki ugurlardyr.